Türkmenistanyň taryhynda sport habarlaryny halk köpçüligine ilkinji ýetiren gazet “Türkmenistan” gazetidir diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Çünki, 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda döredilen bu gazetiň şol ýylyň 14-nji sanynda, ýagny 13-nji noýabrynda çykan ahyrky neşirinde sport habary ýerleşdirilip, 1920-nji ýylyň 13 – 14-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Lýuserne şäherinde geçirilen ýygnakda Işçileriň sport we bedenterbiýe boýunça halkara birleşiginiň döredilendigi baradaky maglumat halk köpçüligine ýetirilipdir. 1920-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanyndan soň, “Türkmenistan” gazeti iki aýlap çykarylman, 1921-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan uly formatly görnüşinde neşir edilip başlanýar. Gazetiň bu ýylda çykan ilkinji sanynda hem 1921-njy ýylyň başynda Moskwada geçirilen ýygnakda Gyzyl sport halkara klubynyň döredilendigi barada habar berilýär. Gyzyl sport halkara kluby bolsa häzirki wagtda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ählisinde hem sport ulgamynyň döremeginde esasy orny tutan guramadyr.

“Döwrüň aýnasy” atly kitapda bellenilmegine görä, gazetiň her üç günden, bäş günden, iki hepdeden, käwagt ýigrimi günden çap edilmegi, 1921-nji ýylda-da onuň yzygiderli çykmandygyny görkezýär.

“Türkmenistan” gazetiniň 1920 – 1921-nji ýyllardaky sanlarynyň möçberi iki sahypa  bolupdyr. 1922-nji ýylyň 17-nji martyndaky sanyndan başlap bolsa, gazet käte uly käte-de kiçi formatly, möçberi dört sahypaly görnüşde, türkmen we azerbaýjan dillerinde neşir edilipdir.  1924-nji ýylyň 2-nji ýarymyndan gazet diňe  türkmen dilinde çykarylyp başlanýar.  Ýeri gelende aýtsak, “Türkmenistan” gazeti 1929-nji ýyla çenli arap elipbiýinde türkmen dilinde çykarylypdyr. 1929-njy ýyldan 1940-njy ýyla çenli bolsa latyn elipbiýinde türkmen dilinde neşir edilipdir. 1940-njy ýyldan 1993-nji ýylyň 13-nji apreline çenli türkmen elipbiýi döredilýänçe, rus elipbiýinde türkmen dilinde çap edilipdir.

“Türkmenistan” gazetiniň bir asyrlyk ömründe döwletiň baş gazeti hökmüne iň arzylanan döwri 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan – ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden soňra başlandy. Baş gazetimiz ýurt berkararlygymyzyň ilkinji gününlerinden Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň döredilmegi bilen Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän sport täzeliklerini, türgenlerimiziň halkara we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanan üstünliklerini habar edip, gyzgyny bilen halka ýetirmeklikde irginsiz tagalla edýär. “Türkmenistan” gazetiniň elektron nusgasy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, internet ulgamyndaky www.metbugat.gov.tm  web saýty arkaly halk köpçüligine ýetrilýär.

“Türkmenistan” gazetiniň 100 ýyllyk ýubileýiniň  giňden bellenilýän günlerinde, onuň 1920-nji ýylda çykan sanlarynyň hemmesiniň diýen ýaly ekzemplýarynyň Özbegistanyň Alyşir Nowaýy adyndaky kitaphanasynyň, iki sanysynyň ekzemplýarynyň hem Moskwanyň W.I. Lenin adyndaky döwlet kitaphanasynyň fondlarynda saklanylýandygy, bu gazetiň birinji sanynyň 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda penşenbe güni çykandygy baradaky taryhy ýazgylara salgylanmaklyk hem diýseň uly buýsançdyr.

                                                                                                     Toýly Jänädow

                                                                               Mary welaýatynyň Mary etrabynyň                  

                                                                            Ruhubelent geňeşliginiň  ýaşaýjysy