futsal U19

Türkmenistanyň futzal boýunça U-19 gyzlar ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän CAFA – 2020 sebit ýaryşyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Kamil Mingazowyň şägirtleri ýaryşyň ikinji tapgyrynda ýer eýelerini – Täjigistanyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Jemi 15 duşuşykdan ybarat boljak çempionatda türkmenistanly futzalçy gyzlar indi Eýranyň, Owganystanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawyň netijesinde iň köp utuk toplan ýygyndy sebitiň çempiony bolar.