Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ysmaýyl Muhammedow Eýranyň Kazwin şäherinde ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça geçirilen halkara ýaryşda 41 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada «Turkmenportal» Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine salgylanyp habar berýär.

Ýene bir ildeşimiz ― Türkmenistanyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Soltansanjar Begenjow 68 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, bürünç medal gazandy.