Birinji liga wekilçilik edýän futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde Mary, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda nobatdaky tapgyrlaryň duşuşyklary geçirildi.

Mary welaýatynyň zolaklaýyn ýaryşynda birinji aýlawyň jemi jemlenip, onda 10 utuk toplan «Kuwwat» topary öňdeligi eýeledi. Birinji aýlawyň soňky tapgyrynda «Peşanaly» bilen duşuşan «Kuwwat» topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Soňky tapgyryň beýleki duşuşygynda «Dostluk» topary «Hereketden» 3:2 hasabynda üstün çykyp, toplan 7 utugy bilen ikinji orunda barýar.

Birinji aýlawyň dowamynda garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 6-syny geçiren Nedir Annaberdiýew («Peşanaly») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeleýär.