2021-2022 futbol möwsüminde Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň Kubogynda Türkmenistanyň futbol toparlarynyň üçüsi çykyş etmäge mümkinçilik alar. Bu barada Türkmenistanyñ futbol federasiýasynyñ resmi saýty habar berýär.

Bu barada AFK tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna iberilen resmi hatda beýan edilýär.

Resmi hatda görkezilişi ýaly, şu ýyl dowam edýän Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň ýeňijisi 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder.

Türkmenistanyň Kubogy-2020-niň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Şu ýyl Türkmenistanyň Futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan topar bolsa AFK-nyň Kubogynyň deslapky tapgyrynda çykyş eder.

Eger-de, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubogynyň ýeňijisi şol bir topar bolsa, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine Türkmenistanyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan, deslapky tapgyrynda bolsa üçünji orny eýelän topar gatnaşmaga mümkinçilik alar.