Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hemmesini sanly wideoaragatnaşyga çagyryp, ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýewyň hasabatyny diňledi. Ministr ýanwar —iýun aýlarynda garamagyndaky düzümleriň ýerine ýetiren işleri, ýazky harby gulluga çagyrylyşyň jemleri, hormatly Prezidentimiziň işgärler düzümini berkitmek, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň wezipelerini çözmekde goşunlaryň ähli görnüşlerini häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün etmegiň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzüm bölekleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Dowamyny okamak üçin basyň