Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada “Azerisport” neşiri habar berýär.
Häzir paýtagt şäherde Azerbaýjanyň öz ýygyndysynyň türgenleşikleri başlandy. Ýakyn günlerde bolsa türgenleşmek üçin bu ýere Türkmenistanyň, Ukrainanyň we Hindistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndylarynyň gelmegine garaşylýar.​
Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýerde Olimpiýa oýunlary – 2020-niň saýlama ýaryşlaryna taýýarlyk görer.