Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirliklerindäki ahyrky ýoldaşlyk duşuşygyny Özbegistanyň AGMK topary bilen geçirdi. Bu toparyň düzümine ýakynda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem goşuldy.

Şu gezekki ýygnnayşyga, esasan, ýaş futbolçylaryň gatnaşýandygyny ýene bir gezek ýatladýarys. Şeýle bolmagyna garamazdan, geljegine uly umyt bildirilýän ýaşlar Özbegistanyň güýçli toparyndan diňe bir pökgi tapawudy bilen ýeňildiler. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini​ 55-nji minutda Mate Watsadze geçirdi. Arslanmyrat Amanow garşydaş toparyň hatarynda esasy düzümde meýdana çykyp, diňe birinji ýarymda oýnady.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümini bolsa Rahat Japarow (derwezeçi), Mekan Aşyrow, Ata Geldiýew, Oraz Ataýew, Möwlamberdi Goşşanow, Baýramberdi Nurlyýew, Nazar Towalekow, Şatlyk Gurbanow, Meýlis Diniýew, Yhlas Magtymow we Ýazgylyç Gurbanow dagylar emele getirdiler. Baş tälimçi Ante Mişe duşuşygyň dowamynda ätiýaçdaky futbolçylaryň hem käbirini meýdana goýberdi.

Milli ýygyndymyzyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji fewralda tamamlanar.