Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirliklerindäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gezek, esasan, ýaş oýunçylardan düzülen ýygyndymyzyň ilkinji garşydaşy Malaýziýanyň birnäçe gezek, AFK-nyň Kubogynyň bir gezek çempiony “Johor” futbol topary boldy.
Turuwbaşdan dartgynly geçen duşuşykda ildeşlerimiz 1:2 hasabynda asgyn geldiler. Ýöne garşydaş toparyň gollarynyň ikisiniň hem 11 metrlik jerime urgusyndan geçirilendigini aýtmak gerek. Has takygy, milli ýygyndymyzyň goluny 53-nji minutda Akmämmet Metdäýew geçiren bolsa, garşydaş topardan 39-njy minutda Raşid Safawi, 61-nji minutda Diego Luis Santo tapawutlandy.
Milli ýygyndymyz ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny BAE-niň “Siti” topary bilen geçirer.