Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy “Köpetdag” topary 9-njy ýeňşini gazandy.

Bu tapgyryň çäginde “Daýhanbank” bilen duşuşan paýtagtymyzyň topary 9:2 hasbynda garşydaşyndan üstün çykyp, ikinji orun bilen aratapawudyny artdyrmagy başardy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşygynda “Olimp” bilen duşuşan “Deňizçi” 5:2 hasabynda üstün çykdy. “Serhetçiden” 4:2 hasabynda üstün çykan “Senagatbank” 6-njy ýeňşini gazanan bolsa, şoňky tapgyrlarda netijeli oýnaýan “Migrasiýa” topary “Gümrükçi” bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlady.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň utugyny 28-e ýetiren Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdagy” birinji orny eýelemegini dowam edýär. 21 utuk toplan “Gümrükçi” ikinji, 20 utugy bolan “Migrasiýa” üçünji orunlary eýeleýärler.

Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyry 27-nji iýunda geçiriler diýip Türkmenistanyň futbol federayasynyň resmi web saýty habar berýär.

26.06.2020 ý. XI-tapgyr
Oýun 41 “Olimp” – “Deňizçi” 2:5
Oýun 42 “Serhetçi” – “Senagatbank” 2:4
Oýun 43 “Gümrükçi” – “Migrasiýa” 2:2
Oýun 44 “Köpetdag” – “Daýhanbank” 9:2

XI SOŇ ÝARYŞ TABLISASY:

T/b TOPARLAR O Ý D U +/- U
1. KÖPETDAG 11 9 1 1 51 28
2. GÜMRÜKÇI 11 6 3 2 23 21
3. MIGRASIÝA 11 6 2 3 17 20
4. DAÝHANBANK 11 6 1 4 10 19
5. SENAGATBANK 11 6 1 4 26 19
6. DEŇIZÇI 11 6 2 5 2 14
7. SERHETÇI 11 2 0 9 -38 6
8. OLIMP 11 0 0 11 -91 0

 

27.06.2020 ý. XII-tapgyr

Oýun 45 “Migrasiýa” – “Olimp” 11:00
Oýun 46 “Daýhanbank” – “Serhetçi” 13:00
Oýun 47 “Senagatbank” – “Gümrükçi” 15:00
Oýun 48 “Deňizçi” – “Köpetdag” 17:00