Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysy ilkinji onlaýn Olimpiada gatnaşýar. Bu barada «Orient» habar berýär.

30-njy awgusta çenli dowam etjek ýaryş 163 ýurtdan, şol sanda Russiýa, Hytaý, Ermenistan, Hindistan, Azerbaýjan, Polşa, ABŞ ýaly döwletlerden iň güýçli küştçüleri özünde jemleýär. Oňa gatnaşjaklaryň aglabasynyň 2018-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileridigini bellemelidiris.

Halkara küşt olimpiadasy şu ýylyň awgust aýynda Russiýada geçirilmegi meýilleşdirilen olimpiadanyň yza süýşürilmegine jogap hökmünde geçirilýär.

Onlaýn ýaryşa gatnaşýan her topar garyşyk formatdaky alty oýunçydan ybarat. Türkmenleriň milli ýygyndysynda Ýusup we Saparmyrat Atabaýewler, Jemal Öwezdurdiýewa, Bahar Hallaýewa, Azat Nurmämmedow we Annagözel Mekanowa dagylar wekilçilik eder.