turkmenistan milli yygyndy
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy

Kataryň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy öz Watanynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysyndan ýeňilmekden soňky sekuntlarda halas boldy. Doha şäherindäki «Hamad Al Kabeer Stadiumda» geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Bu barada «Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty» habar berýär.

Duşuşykdaky ilkinji pökgini 21-nji minutda biziň ildeşimiz Begmyrat Baýow geçirdi. Şondan dört minut soňra ýer eýeleri hasaby deňlediler. 44-nji minutda Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy hasapda ýene öňe çykdy. Bu gezek Begenç Akmämmedow tapawtlandy. Ýer eýeleri şondan soň diňe 94-nji minutda Al Ýazidi Nasser Saleh Nasseriň geçiren goly bilen hasaby deňläp bildiler.

Şeýlelikde, türkmen futbolçylary Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen ýokary derejedäki duşuşygy geçirdiler.