14-nji fewralda, Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde Merkezi Aziya döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniñ baş sekretarlarynyñ duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynyda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyga laýyklykda, bilelikde okuw türgenleşik ýygnanşyklaryny geçirmek şol sanda dopinge garşy çareleri geçirmek barada hyzmatdaşlyk ediler.