woleýbol çempionaty
Ertir, 25-nji fewralda Türkmenistanyň erkekleriň arasyndaky woleýbol çempionatynyň jemleýji, 4-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. 1-nji marta çenli dowam etjek duşuşyklaryň netijesinde iň köp utuk gazanan topar Türkmenistanyň çempiony bolan we klublaýyn derejedäki yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Türkmenistanyň çempionatyna 10 toparyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Olar:
  • Içeri işler ministrliginiň «Galkan»,
  • Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty»,
  • Migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa»,
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş»,
  • Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär»,
  • Döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi»,
  • Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubynyň «Milli goşun»,
  • Goranmak ministrliginiň «Watançy»,
  • Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi,
  • Informatika we telekommunikasiýalar institutynyň «Kerwen» toparlarydyr.
Çempionatyň üçünji tapgyry ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilip, ol “Galkanyň” öňdebaryjylygy bilen tamamlanypdy.