Transfer

«Energetik» 7 futbolçy bilen düzümini güýçlendirdi.

Geçen ýyl isleýşi ýaly oýuny orta goýup bilmedik topar bu ýyl düzümini has güýçlendirdi.

Serdaraly Ataýew «Şagadam»,

Parahat Jumanazarow «Şagadam»,

Akmyrat Jumanazarow «Merw»,

Ilýas Minhairow «Nebitçi»,

Muhammet Astanow «Nebitçi»,

Rahmet Şermetow «Alga» Gyrgyz Respublikasy,

Umyt Astanow «Merwiň» Birinji ligada ýaryşýan düzüminden, täze möwsümde «Energetigiň» düzümine goşuldylar. Şeýle hem tälimçi Rustam Iskanderow «Energetikde» işläp başlady.

Täze möwsüme Aşgabatda geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen taýýarlanan we güýçli garşydaşlaryň ençemesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçiren «Energetik» şu gün ilkinji resmi duşuşygyny geçirer.

Paýtagtyň «Aşgabat» stadionynda «Köpetdag» bilen boljak duşuşykda «Energetik» täze möwsümdäki ilkinji utugyny ýa-da utuklaryny almaga synanyşar. Duşuşyk şu gün sagat 15-de başlanar.

Çeşme: turkmenportal.com