Çempionlar Ligasynyň we Ýewropa Ligasynyň 2019/20 oýunlary, şeýle hem 2020/21 möwsümine saýlama oýunlary tomaşaçylarsyz geçiriler. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) metbugat gullugy habar berdi.

Çempionlar Ligasynyň we Ýewropa Ligasynyň 1/8 finalynyň oýunlarynyň öý toparlarynyň meýdançalarynda geçiriljekdigi bellendi. Bu karar guramanyň mejlisinde kabul edildi