UFC, Abu Dabidäki Islandas adasyna, dünýä boýunça syýahat çäklendirmeleriniň çözgüdi hökmünde göçdi!  3 çempionat oýny, ýylyň iň doly söweş kartalarynyň birine tomaşa ediljek ilkinji ada söweşinde MMA söýüjileri bilen duşuşar.

Uly wakanyň, esasy duşuşygyndada Nigeriýaly Kamaru Usman, ýeňil agramly çempionat guşagyny Brazilýaly Gilbert Börnsden goramak üçin kapasa girjekdiler, ýöne UFC, gijäniň esasy oýnunda Gilbert Börnsde koronawirus çykmasy sebäpli UFC täze bäsdeşleri gözläp başlady. Duşuşyga goşulmak üçin Börnsiň ýerine Amerikaly Jorj Maswidal 6 gün galanda, täze esasy oýun yglan edildi.

Gijäniň beýleki çempionlyk ýaryşynda Amerikaly Maks Hollowaý UFC 245-de Awustralýaly Wolkanowskä garşy ýitiren guşagyny yzyna almaga synanyşar.

Genri Cejudo pensiýa çykjakdygyny yglan edeninden soň, Russiýaly Petr Ýan we Brazilýaly Hose Aldo boş guşagy üçin göreşerler.

Bu oýunlara seredenimizde, ýylyň iň uly kartoçkalarynyň biri boljakdygyny aňsatlyk bilen aýdyp bileris. Esasy kartoçkadaky beýleki iki oýun bolsa zenanlaryň arasynda boljakdyr. Ilkinjisi Jessika Andrade-Roz Namajunas täzeden söweşer,  beýlekide bolsa Paýj Wanzant-Manda Ribas arasynda geçer.

UFC 251. 12.07.2020. TKM sagady bilen 06:00 da başlar.

 

ýazar: Seyitmuhommet Jumadurdyyew