“Türkmensporty” habarlar saýtynda öň goýan bildirişimizde belläp geçişimiz ýaly, şu ýylyň 6 – 8-nji iýul aralygynda Aşgabat şäheriniň Gökje ýaşaýyş toplumynda uşu boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat şäherinden güýçli türgenleri ýygnan bu ýaryş geljegine uly umyt bildirilýän türgenleri ýüze çykardy.

Şeýlelikde ýetginjekleriň arasynda 44 kg-de Hezretaly Taganow, 48 kg-de Süleýman Ataýew, 52 kg-de Jemşit Möjekow, 56 kg-de Döwletgeldi Hümmedow, 60 kg-de Baky Muzapbarow, 65 kg-de Süleýman Çaryýew, 70 kg-de Ymamberdi Kuwadow, 80 kg-de Begenç Aşyrow, şeýle-de, +80 kg-de Baýmyrat Kowusow üstünlik gazandylar.

2005 – 2006-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Kerwen Gulow 40 kg-de tapawutlandy. 44 kg-de Tahyr Gurbanmyradow, 48 kg-de Begenç Gurbanberdiýew, 52 kg-de Dawutmyrat Orazmyradow öňdeligi eýelemegi başardylar. 56 kg-de Seýdylla Akmämmedow, 60 kg-de Ezizhan Igdirow, 65 kg-de Merdan Amanow hem-de +70 kg-de Meret Meredow birinji boldy. 2007 – 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda 30 kg-de Jeýhun Garlyýew, 35 kg-de Daýanç Geldiýew, 40 kg-de Meretdurdy Ödetaganow garşydaşlaryndan tapawutlandylar. 44 kg-de Myrat Bozoganow, 48 kg-de Kemran Latipow, 52 kg-de Eziz Muhammedow, 56 kg-de Röwşen Hemraýew we 65 kg-de Şageldi Gylyjow Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardylar. Şeýle-de, gyzlaryň arasynda 30 kg-de Hazyna Gutlymyradowa, 35 kg-de Jennet Ilamanowa, 44 kg-de Mähriban Hallyýewa, 60 kg-de Wioletta Agaýewa dagy ýeňiji boldy.