wahyt orazsahedow
Wahyt Orazsähedow
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Täjigistanyň çempiony “Istiklol” bilen bir ýyllyk şertnama gol çekişdi. Geçen möwsümi Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoýda” geçiren hüjümçi, şeýlelikde, ýene-de AFK-nyň kubogy ugrundaky duşuşyklarda “Altyn asyryň” garşydaşy bolar.
Klubyň resmi saýtynda bu transfer barada heniz habar berilmedik bolsa-da, “Turkmen sporty” ynamly çeşmelere daýanyp, ol barada habar berýär.