Вахыт Оразсахедов

Metbugatda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjmüçisi Wahyt Orazsähedowyň Özbegistanyň «Nawbohor» toparyna goşulaýmagy mümkindigi barada habarlar ýaýrapdy. 16-njy ýanwarda 27 ýaşly hüjümçi topar bilen türgeneşiklere goşuldy. Ýöne onuň ukyplarynyň häzir hem synagdan geçirilýändigini aýtmak gerek. Ahyrky netijäni  baş tälimçi aýdar.

Wahyt Orazsähedow Russiýanyň «Rubin», «Neftehimik», «Rostow», Moldowanyň «Daçiýa», Türkiýäniň «Osmanlyspor», Azerbaýjanyň «Sabail» toparlarynda çykyş eden hüjümçi ýurdumyzda «Aşgabat», «Altyn asyr», «Ahal» ýaly toparçalaryň köýnekçesini geýdi.

Wahyt Orazsähedow geçen ýyl Gyzgyz Respublikasynyň «Dordoý» toparynda çykyş edip, 28 duşuşykda geçiren 20 goly bilen möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolupdy.

Ol häzir «Nawbohoryň» düzüminde türgenleşýär.