“Mercedes” toparynyň finlýandiýaly pilotçysy Waltteri Bottas sportyň “Formula – 1” usulyndaky  awtomobil ýaryşynda Awtriýanyň  Kran-Pris baýragyny aldy.

Sportyň “Formula – 1” usulyndaky  awtomobil ýaryşynyň bu möwsüminde ikinji ýeri Ferrariniň monakoly pilotçysy Şarl Lekler, üçünji ýeri bolsa “McLaren” toparynyň britaniýaly pilotçysy Lando Norris eýeledi.

Awtomobil sportynyň “Formula – 1” usulynda “Mecsedes” toparynyň alty gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton ýaryşda ikinji ýerde gelýärkä, pellehana ýetmegine 5 minut galanda beýleki pilotçylardan yza galyp, dördünji ýeri eýeledi.

Awtomobil sporty boýunça Awtriýa Kran-Pris ýaryşynda  bu sport bäsleşigine gatnaşan 20 pilotdan diňe 11-si pellehanadan geçdi.