Braziliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Wanger Lawiniň täze işi yglan edildi. Ol Gazagystanyň Gaýrat klubyna geçirildi. Eýýäm Gazagystana gelen we koronowirus barlagyndan üstünlikli geçen  bu oýunçy ýakyn wagtda resmi şertnama baglaşar.

Geçen aý Braziliýanyň kluby bilen şertnamasyny ýatyran 36 ýaşly futbolçy Palmeria, Flamengo, Monako, CSKA Moskwa, Şandong Luneng, Alanýaspor we Beşiktaş futbol toparlarynda-da çykyş etdi.