Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda saglyk ulgamynda uly ösüşlere ýetilýär.

Sport bilen meşgullanmak hem adam saglygyna örän peýdalydyr. Ýurdumyzda sportuň welosport görnüşine hem köp üns berilýär.

Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolup, türkmenistanlylaryň köpüsiniň gowy görýän ulagyna öwrüldi. Welosiped bilen arassa howada mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyny, ajaýyp keşbini synlamagyň lezzeti hem bir başga. Bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa arassalygynyň hemişe üns–alada bilen gurşalýandygyndan habar berýär. Muny ýurdumyzda ynsan saglygy hakynda aladanyň esasy orunda durýandygynyň buşlukçysy hasaplaýarsyň.

Hünärmenler hem welosipedli ýörişiň ynsan saglygyna edýän täsiriniň uludygyny we bu ulagyň ekologiýa arassalygyny goramaga goşandynyň çäksizdigini belleýärler.