“Arsenal” toparynyň öňki baş tälimçisi Arsen Wenger, häzirki Çempionlar ligasynyň faworitlerini saýlady.

“Atalanta we Atletiko Madrid bilen islendik zat bolup biler. Ýöne meniň üçin Mançester siti we PSJ ikisiniň Çempionlar ligasyny gazanmaga mümkinçilikleri bardygyny bilýän. PSJ-niň üç-dör ýyl ozalkydan has güýçli bolandygyny duýýaryn. Bäsleşik dartgynly ýagdaýda geçýär. Parižlileriň Çempionlar ligasynda ýeňiji bolup bilmejegi hakynda ýalan sebäplerini gözlemeli däldiris. Hatda Real Madrid 10-15 ýyllap ýeňiş gazanyp bilmedi, soň bolsa yzly-yzlyna üç gezek ýeňiş gazandy.” diýip fransuz hünärmen belläp geçdi.