Çelsiniň futbolçysy Willian karýerasyny Tottenhamda dowam etdirer.

Bu barada Azerbaýjanyň Goal.az habarlar saýty Willianyň Tottenham bilen ylalaşyk baglaşandygyny habar berdi. Çelsi braziliýaly futbolça täze şertnama teklip etse-de, ol ret etdi.

Willian erkin agent hökmünde topardan çykar. Bu möwsümde 43  gezek çykyş eden 31 ýaşly oýunçy 11 gol  bilen ýatda galdy.