Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ýatyrylan «Wimbledon» tennis ýaryşynda tennisçilere 10 million funt sterling pul paýlanar.

«Wimbledon» ýaryşyny guraýjy «All England Lawn Tennis Club» (AELTC) toparynyň ýolbaşçylarynyň habar bermegine görä, şol 10 million funt 620 türgene degişli mukdarda berler.

Mälim bolşy ýaly, Londondaky otly tennis meýdançalarynda geçirilýän möwsümiň 2-nji «Uly tuwulga» ýaryşy her ýylyň maý-iýun aýlarynda guralýar. Dünýäniň iň gadymy tennis bäsleşigi bolan «Wimbledon» şol bir wagtyň özünde, iň abraýly tennis ýaryşy hasaplanýar.