Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebinde woleýbol boýunça baýry türgenleriň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi.

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşik iki günläp dowam etdi. Çempionatda 40 ýaşly erkekleriň arasynda Halaç etraby birinji, Kerki etraby ikinji, Türkmenabat şäheriniň topary üçünji orunlary eýelediler. 50 – 60 ýaş aralygyndaky erkekleriň arasynda geçirilen duşuşyklarda bolsa Türkmenabat şäheriniň topary tapawutlandy.

Saýat we Dänew etraplarynyň toparlary degişlilikde, 2 – 3-nji orunlara mynasyp boldular. 50 – 60 ýaş aralygyndaky zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Dänew etrabynyň topary tapawutlandy. Tapawutlanan türgenlere we toparlara Hormat hatlary gowşuryldy.