Binagär

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň göçme kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar tamamlandy.

Bir hepdeläp dowam eden ýaryşa ýurduň iň güýçli toparlarynyň 10-sy gatnaşdy. Olar ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda hem öz aralarynda duşuşypdylar. Şonuň üçin hem, türgenlerem, olaryň tälimçileri hem garşydaşlarynyň oýun usuly bilen tanyşdylar. Bolsa duşuşyklaryň çekeleşikli bolmagyny şertlendirdi. Toplanan utuklaryň jemi boýunça Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň «Binagär» topary hemmelerden öňe saýlandy we göçme kubogyň eýesi boldy. Ikinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş» topary mynasyp boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkany» bolsa üçünji orun bilen ylalaşmaly boldy.

Ýaryşda başdan sekiz orny eýelän toparlar Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu abraýly baýragyň eýesi bolmak ugrundaky duşuşyklar şu ýylyň aprel aýynyň 17-sinden 19-y aralygynda geçiriler.