Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 25 ýyl dolýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk — bu Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy. Şoňa görä-de, 2020-nji ýyl “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýip yglan edildi we bu teklip uly buýsanç bilen biragyzdan goldanyldy.

Bitaraplyk derejämiziň baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda milli baýram hökmünde dabaraly bellenilýär. Indi şol dabara dünýä halklary hem goşulýarlar. Çünki, hormatly Prezidentimiziň teklibini goldap, BMG-niň Baş Assambleýasy ýörite Kararnama bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gazanylan güni bolan 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylan uly halkara abraýydyr.

Bu ýylymyzyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy bütin türkmen halky bilen bilelikde biziň şäherimiziň ýaşlarynyň hem kalplarynda buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki, biziň türkmen halkymyz asudalygy, abadanlygy söýýän halk. Şeýle bolansoň, Bitaraplyk biziň halkymyzyň asyl durkundan, milli ruhundan gelip çykýar.

Ajap eýýamymyzda ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!