2020-nji ýylyň 7 – 11-nji  iýulynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde sportyň agyr atletika görnüşinden pauerlifting boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Sportyň bu görnüşinden ussat türgenler ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelip gatnaşarlar. Dört günläp dowam etjek bu sport ýaryşynyň netijesi  çempionatyň iň soňky jemleýji güni bolan 11-nji iýulda belli bolar.