Ýaponiýa hökümeti geljek ýyl Tokiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň giriş tertibini ýönekeýleşdirmegi meýilleşdirýär.Bu barada Tokioýadaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny guramaklyk üçin jogapkär ministr Seiko Haşimoto şu gün – 14-nji iýulda geçirilen ýygnakda aýtdy. Kýodo habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, guramaçylar  koronowirus pandemiýasynyň indiki ýyl oýunlaryň geçiriljek wagtyna çenli dowam edip biljekdigini göz öňünde tutup, käbir kynçylyklaryň boljakdygyna ynanýarlar. Hatda, epidemiologiki ýagdaý ýapon tarapynyň çaklamalaryna laýyk gelmese-de, ýurduň hökümeti daşary ýurtly türgenleri kabul etmegi meýilleşdirýär.

Ýadyňyzda bolsa, Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgustyna çenli geçirilmelidi. Koronowirus ýokançlygy sebäpli Olimpiýa oýunlaryny indiki ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli geçirmek kararyna gelindi.