Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2007-nji ýylda doglup 7-nji synpy tamamlan (2013-nji ýylda 6 ýaşdan 1-nji synpa okuwa kabul edilen) ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň okuwçylary sportuň:

  • * agyr atletika,
  • * woleýbol,
  • * basketbol,
  • * boks,
  • * dzýudo
  • * sambo göreşleri,
  • *erkin göreş
  • * grek-rim göreşi
  • * guşakly göreş,
  • * hokkeý,
  • * figuralaýyn typmak,
  • * suwda ýüzmek,
  • * tigir sporty,
  • * tennis
  • * stol tennisi görnüşleri boýunça kabuk edilýär. Bu sport mekdebine girmäge isleg bildirýän  okuwçylaryň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy şu aşakylardyr:
  1. Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  2. Maglumat, üç arkasy barada maglumat (elektron görnüşde aýratyn tabşyrmaly);
  3. Dogluş hakynda şahadatnamanyň göçürmesi (3 sany nusga);
  4. Ata-enesiniň ýa-da onuň ornuny tutýan raýatyň pasportynyň göçürmesi;
  5. Ýaşaýan ýerinden kepilnama (Forma № 3);
  6. Okaýan mekdebinden ýetişigi barada şahsy jiltiniň göçürmesi we göçürmäniň dogrudygy barada mekdep direktorynyň goly bilen möhri basylan bolmaly, şol synpda okaýandygy barada kepilnama we häsiýetnama;
  7. Saglygy barada kepilnama – forma 026 görnüşinde;
  8. Saglygy barada kepilnama – forma 063 görnüşinde:
  9. Döş kapasasynyň rentgenoskopiýasy we lukmanyň netijesi;
  10. Ganyň topary we rezus-faktory;
  11. Ganyň we peşewiň umumy barlagynyň netijesi;
  12. EKG barlagy we barlagyň netijesi.
  13. Inçe kesel, psih we deri dispanserlerinden kepilnama;
  14. EFIOKG barlagy (ýürek);
  15. Türgenleşýän sport görnüşinden sport derejesi baradaky hasap kitapçasy;
  16. Çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň hödürnamasy;
  17. 9 sany 3×4 ölçeginde surat.

Okuwa girmäge isleg bildiren okuwçylaryň resminamalary 2020-nji ýylyň 1 – 20-nji iýuly aralygynda ýokarda görkezilen sportuň görnüşleri boýunça Aşgabat şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde kabul edilýär. Okuwçylaryň medisina barlagy, synag esasynda saýlap-seçip almak bäsleşigi, 2020-nji ýylyň 22 – 27- nji iýuly aralygynda geçirilýär. Ýaş olimpiýaçylary taýlaýyş mekdebiniň salgysy:  Aşgabat şäheriniň  Ata-türk köçesiniň 21-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 21-26-40.