Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 13-nji tapgyryna badalga berlip, onda «Aşgabat II» ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Altyn Asyr II» toparyny kabul etdi.

Myhmanlaryň artykmaçlygynda geçen duşuşyk 1:4 hasabynda ýurdumyzyň çempionynyň peýdasyna tamamlandy. Gazanan bu ýeňşinden soň 36 utuk toplan «Altyn Asyr II» ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 11 utugy bolan «Aşgabat II» bolsa 7-nji orny eýeleýär.

Futbol birinjiliginiň 13-nji tapgyrynyň beýleki duşyklary 8-nji iýunda geçiriler: «Köpetdag II» – «Şagadam II», «Energetik II» – «Ahal II», «Nebitçi II» – «Merw II».

Çeşme: TFF

12-nji tapgyryň duşuşygy:

«Aşgabat II» – «Altyn Asyr II» – 1:4

Gollar: 44 Mergen Sapaşew (“Aşgabat II”) – 13 (11 m.j.u.) Rahman Myratberdiýew, 46 Nurmyrat Rozyýew, 90 Begli Gurbandurdyýew, 90+2 Şamämmet Hydyrow (“Altyn Asyr II”)

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «ALTYN ASYR II» 13 12 0 1 53-10 36
2. «KÖPETDAG II» 12 8 0 4 29-17 24
3. «NEBITÇI II» 12 6 4 2 22-15 22
4. «AHAL II» 10 4 2 4 15-19 14
5. «MERW II» 12 4 1 7 18-33 13
6. «ENERGETIK II» 12 4 0 8 13-30 12
7. «AŞGABAT II» 12 3 2 7 22-24 11
8. «ŞAGADAM II» 11 1 1 9 10-34 4