Şu gün, 16-njy iýunda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçiriler diyip Türkmenistanyň Futbol Federasiyasynyň resmi web saýty habar beryär.

Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň futbol meýdanynda geçiriljek duşuşykda “Aşgabat II” hem-de “Ahal II” toparlary duşuşarlar. Bu duşuşyk 18:30-da başlanar.

11 utuk toplan “Aşgabat II” toparynyň ýaryş tertibinde 7-nji orny eýeleýändigini ýatladýarys. 20 utugy bolan “Ahal II” 4-nji orunda ornaşdy.

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «ALTYN ASYR II» 14 13 0 1 63-11 39
2. «KÖPETDAG II» 14 10 0 4 37-21 30
3. «NEBITÇI II» 14 7 4 3 28-26 25
4. «AHAL II» 12 6 2 4 20-20 20
5. «MERW II» 14 4 1 9 22-43 13
6. «ENERGETIK II» 14 4 0 10 15-35 12
7. «AŞGABAT II» 13 3 2 8 22-27 11
8. «ŞAGADAM II» 13 2 1 10 14-38 7