Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilişine görä, şu ýylyň 21-nji martyndan 28-nji martyna çenli Aşgabat şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçiriler.

Oňa 2002-nji ýylda doglan ýetginjekler gatnaşarlar. Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçiriljek ýaryş «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen guralar.

Oňa Aşgabat şäheriniň saýlama ýaryşynda ilkinji üç orna mynasyp bolan toparlar we welaýatlaryň ýygyndy toparlary, ýagny, jemi 8 topar gatnaşar.

Şol günler şeýle ýaryş Daşoguz şäherinde 2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda hem geçiriler. Oňa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan 6 topar gatnaşar.