Şugün ýagny 2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Gökje” sport desgasynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda sportyň uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlaýar.

Üç günläp dowam etjek bu sport ýaryşyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden sportyň uşu görnüşine ezber ýaşlar we ýetginjekler gatnaşarlar. Ýaryşyň netijesi bolsa, sportyň uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň jemi jemlenýän iň soňky gününde, ýagny 2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda belli bolar.