Üstümizdäki ýylyň mart-aprel aýlarynda 2002—2003-nji we 2004—2005-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty  geçiriler.

Türkmenistanyň milli woleýbol federasiýasy tarapyndan guraljak bu ýaryşlara Aşgabat şäherinden we welaýatlardan toparlar gatnaşarlar.

Duşuşyklar ýaş nesli sportuň bu görnüşine işjeň çekmäge, olaryň arasyndan geljegi uly bolan türgenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik döreder.