2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilýän ýurdumyzyň birinjiliginde birinji tapgyryň duşuşyklaryndan  “Balkan”, “Ahal” hem-de “Daşoguz” toparlary üç utukdan toplamagy başardylar. Daşoguz şäherinde geçirilýän birinjiligiň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 16-njy iýunda geçiriler.

Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda  geçirilýän bu duşuşyklar  ýurdumyzyň welaýatlaryna  hem-de paýtagtymyza a wekilçilik edýän toparlaryň 7-si (“Lebap”, “Ahal”, “Mary” “Balkan”, “Şagadam”, “Daşoguz”,  “Aşgabat”) gatnaşýar.

I tapgyryň netijeleri:

“Mary” – “Balkan” – 1:3

“Ahal” – “Şagadam” – 2:0

“Aşgabat” – “Daşoguz” – 1:3

 

II tapgyryň duşuşyklary (16.06.2020 ý.):

08:30   “Mary” – “Aşgabat” (Geçirilýän ýeri: “Garaşsyzlyk” sport desgasy. Daşoguz ş.)

08:30   “Balkan” – “Lebap” (Geçirilýän ýeri: S.A.Nyýazow etr. Daşoguz ş., 2-nji Sport desga)

18:30   “Şagadam” – “Daşoguz” (Geçirilýän ýeri: “Garaşsyzlyk” sport desgasy. Daşoguz ş.)