UEFA Ýewropa ligasynda 2019 – 2020-nji ýyllar möwsüminiň  çärýek finaly we ýarym finaly üçin bije atyldy.

Koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly 1/8 final tapgyrynyň jogap oýunlarynyň geçirilmändigi üçin toparlar bije atyşlygyna jübütler şekilinde gatnaşdylar.

  1. Wolfsburg (Germaniýa) / Shakhtar (ukraýina) jübütiniň ýeňijisi – Eintracht (Germaniýa) – Basel (Şweýsariýa) jübütiniň ýeňijisi
  2. LASK (Awstriýa) / Manchester United (Angliýa) jübütiniň ýeňijisi – Başakşehir (Türkiýe) / Kopenhagen (Danimarka) jübütiniň ýeňijisi
  3. Inter (Italiýa) / Getafe (Ispaniýa) jübütiniň ýeňijisi – Rangers (Şotlandiýa) / Baýer Leverkusen (Germaniýa) jübütiniň ýeňijisi
  4. Olympiacos (Gresiýa) / Wolverhampton (Angliýa) jübütiniň ýeňijisi – Sevilla (Ispaniýa) / Roma (Italiýa) jübütiniň ýeňijisi

Ýarym final tapgyrlary

  1. 4 jübütiň ýeňijisi – 2 jübütiň ýeňijisi
  2. 3 jübütiň ýeňijisi – 1 jübütiň ýeňijisi

Ýeri gelende aýtsak, 1/8 finalyň oýunlary 5 – 6-njy awgusta, 1/4  finalyň

duşuşygy bolsa 10 – 11-nji awgustda geçiriljekdigini bellemek gerek. Ýarym final oýunlary 16 – 17-nji  awgustda, final duşuşygy bolsa 21-nji awgustda Germaniýanyň Köln şäherinde geçiriler.

1/8 finalyň ilkinji 6 oýny

  1. Eintracht (Germaniýa) – Basel (Şweýsariýa) – 0:3
  2. Wolfsburg (Germaniýa) – Shakhtar (ukraýina) – 1:2
  3. Başakşehir (Türkiýe) / Kopenhagen (Danimarka) – 1:0
  4. LASK (Awstriýa) / Manchester United (Angliýa) – 0:5
  5. Olympiacos (Gresiýa) / Wolverhampton (Angliýa) – 1:1
  6. Rangers (Şotlandiýa) / Baýer Leverkusen (Germaniýa) – 1:3