Rostowyň hüjümçisi Eldar Şamyradowyň karýerasyny Belgiýanyň çempionatynda dowam etdirmek mümkinçiligi bar. Bu barada  Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi.

8-nji iýulda Belgiýa çempionatynyň wise-çempionlary bolan “Gent” topary Rostowyň, özbek hüjümjisine gol çekmek üçin resmi teklip iberdi.

Şamyradowyň häzirki şertnamasy 2024-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Transfermarkt portalynyň habar bermegine görä, Eldar Şamyradowyň pul mukdary 5,2 million ýewro diýlip çaklanylýar.