Energetik FK
Energetik FK

Türkmenistanda futbol boýunça Ýokary Liga: 2020-nji ýylyň çempionaty başlandy.

Şu gün paýtagtyň «Köpetdagy» öz meýdanynda Marynyň «Energetigini» kabul etdi. Iki toparyň duşuşygy bilen  futbol boýunça ýokary ligada Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi.

Oýun toparlaryň esasy düzüminiň täze möwsüme gowy taýýarlykly gelendigini görkezdi. Futbolçylar tomaşaçylary özleriň owadan oýny bilen begendirdiler.

Çekeleşikli geçen duşuşykda toparlara hasaby açmak başartmady. «Aşgabat» stadionynda geçen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn bu futbol klublarynyň ýaşlar toparlary duşuşdylar we ilkinji duşuşyk 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

I tapgyryň indiki duşuşyklary 7-nji martda geçiriler. Onda öz aralarynda «Şagadam» bilen «Aşgabat», şonuň ýaly-da «Ahal» bilen «Nebitçi» duşuşarlar.

Ýokary Liga: 2020

07.03.2020 ý. (şenbe)

 “Şagadam” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), P.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

 

“Ahal” – “Nebitçi”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumaýew (Aşgabat ş.), R.Isaýew (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

 “Altyn Asyr” – “Merw” (geçirilen 20.03.2020 ý.)