210 Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan, ýagny duruzyş ulgamy, rul dolandyryşy we dartyjy-birleşdiriji enjamlary näsaz bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy  

 

50 manat

211m1b Ýol hereketiniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän, ýagny  aýnalary ýa-da yzy görüş aýnalary, lukmançylyk derman gutujyklary, ot söndürijisi, ýol-ulag hadysasy sebäpli duruş nyşany, eňňide tarap süýşmez ýaly diregleri, şonuň ýaly-da motoulaglaryň gurluşlarynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk egmegi bolmadyk ulag serişde­leriniň dolandyrylmagy  

 

10 manat

 

211m2b

Ýol hereketine gatnaşýan sürüjiler tarapyndan motoşlýomlary  ýa-da howpsuz­lyk kemerini ulanmak kadalary­nyň bozulmagy ýa-da ulag seriş­desiniň ýolagçylarynyň bu kadalary berjaý etmegine gözeg­çilik edilmezligi –  

20 manat

 

211m3b

Öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler (şekil görnüşde hasaba alyş enjamdan başga), ýagny ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan abzallar we tilsimler (prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hem bellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulan dürli örtükler (muňa ulag serişdelerinde iki tarapynda yzy görüş daşky aýnalary bolan we sürüjiniň oturan ýerinden töweregi görüşini çäklendirmeýän halatlary girmeýär)) hem-de ulaga bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän tekerler bilen enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulanylmagy–  

 

 

100 manat

211m4b Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilenlerden beýleki dürli närseleriň  ulag serişdelerinde goýulmagy – 50 manat
211m5b Ulag serişdeleriniň daşky yşyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem hapalanan (aýnalaryndan daşyny, döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da kysymyny, reňkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulag serişdeleriniň, şol sanda daşky yşyk abzallary we yşyk gaýtaryjylary işlemeýän ýa-da hapalanan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy –  

 

30 manat

 

212m1b

Bellenilen tertipde bellige alynmadyk, döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik, bellenilen nusga laýyk gelmeýän döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da ýük awtoulaglaryň, tirkegleriň, awtobuslaryň nowasynyň yz tarapynda gaýtalanýan döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny okamak mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da degişli rugsat almazdan başga reňke reňklenen ýa-da awtoulagyň başga bir görnüşine ýa-da kysymyna üýtgedilip gurlan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk mahabat we mahabat görnüşli maglumat beriji ýazgylary bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy –  

 

 

 

50 manat

212m2b Döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy – 100 manat
212m4b Ulag serişdesiniň bellige alyş we beýleki resminamalary ýanynda bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy – 10 manat
213m Hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy (telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) hereketleriň edilmegi ýa-da ulag serişdesiniň onuň daşyna beden synalarynyň görnetin çykarylyp dolandyrylmagy  

 

100 manat

214m2b Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy- 50 manat
214m3b Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede  artdyrylmagy  

200 manat

2141m1b

 

Ýol belgileriniň (hereketde artykmaçlygy görkezýän, gadagan ediji, buýruk beriji belgileriň) ýa-da ýollaryň ýörelýän bölegindäki bellikleriň, hereketde artykmaçlyk bermek talaplarynyň berjaý edilmezligi, ozup geçmek, pyýada geçelgelerinden geçmek ýa-da jemgyýetçilik ulagyny duruzmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem garaňkyda ýa-da ýol oňat görünmeýän wagtynda yşyklandyryjy abzallary peýdalanmak kadalarynyň berjaý edilmezligi –  

 

50 manat

 

2141m2b Ýol yşygynyň gadagan edýän duýdurmasyna ýa-da hereketi düzgünleşdirijiniň eli, ala taýagy bilen edýän üm-hereketine garaman geçilmegi 200 manat
2141m3b Ulag serişdeleriniň durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy 100 manat
2141m4b Ulag serişdeleriň pyýada ýodalarynda sürülmegi, säginmegi ýa-da goýulyp gidilmegi, şonuň ýaly-da ulag serişdeleri bilen ýaşaýyş jaýlaryna, binalara, desgalara we gurluşlara barylýan geçelgeleriň, ýollaryň, girelgeleriň ugurlarynyň beklenilmegi  

 

100 manat

215m Şu Kodeksiň 214-nji, 2141-nji maddalarynda göz öňünde tutulan we heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren, ýagny herekete beýleki gatnaşýanlaryň tizligi, hereketiň ugruny üzül-kesil üýtgetmäge mejbur bolmagyna ýa-da olaryň öz howpsuzlygyny ýa-da ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaýry çäreleri görmegine getiren hukuk bozulmalaryň edilmegi  

 

400 manat

216m Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýolagçylary gatnatmak kadalarynyň bozulmagy 100 manat
218m Ulag geçirijileriniň gabalmagynyň guralmagy, şonuň ýaly-da olaryň gabalmagyna işjeň gatnaşylmagy, eger bu ýol hereketiniň kesilmegine ýa-da ulagyň işiniň başga bozulmalaryna getirmedik bolsa Fiziki şahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat
219m1b Ulag serişdelerinde tirkege almak kadalarynyň bozulmagy 50 manat
219m2b Ýüküň ulag serişdesini taýýarlaýjy tarapyndan kesgitlenen möçberinden artyk ýüklenip daşalmagy ýa-da ulag serişdelerinde ýükleri daşamak kadalarynyň gaýry bozulmalary 200 manat
221m Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan demir ýol geçelgelerinden geçmek kadalarynyň bozulmagy 200 manat
222m3b Ulag serişdeleriniň görnetin serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi 600 manat
222m6b Ulag serişdeleriniň ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan sürüjä ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmaga goýberilmegi – 100300 manat çenli jerime
223m1b Şu Kodeksiň 210-njy, 214-nji, 2141-nji, 221-nji we 231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýol hereketi kadalarynyň ýol hereketine gatnaşýanlar tarapyndan bozulmagy, eger bu zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyna çenli möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, şonuň ýaly-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama ulag serişdesiniň dolandyrmaga berilmegi we onuň şeýle netijelere eltmegi –

 

 

 

200 manat

223m2b Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksde göz öňünde tutulan gaýry bozulmalary, eger olar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, – 100 manat
223m3b Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 233-nji maddasynda göz öňünde tutulan bozulmalarynyň ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi üçin gös-göni jogapkär wezipeli adamlar tarapyndan edilmegi, şeýle hem olar tarapyndan dolandyrmak hukugy bolmadyk adama ulag serişdelerini dolandyrmaga berilmegi, eger bu şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, –  

 

200 manat

 

226m Ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerwenleriniň hataryny ýa-da pyýadalaryň guramaçylykly toparlaryny kesip geçmek we olaryň düzümine goşulmak, eger bu ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim döredilmegine getiren bolsa  

 

100 manat

228m1b Ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugyny tassyklaýan sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem olary dolandyrmaga hukuk berýän ynanç haty ýanynda bolmadyk adamlaryň şol serişdeleri dolandyrmagy –  

50 manat

228m2b Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adamlaryň ulag serişdelerini dolandyrmagy, şeýle hem ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi  

200 manat

228m4b Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi 400 manat
231m1b Pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünleşdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serişdelerini dolandyrýan adamlaryň, arabakeşleriň hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi  

 

20 manat

 

231m2b Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren bolsa, 100 manat
232m Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 210–231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryndan gaýry bozulmalary 10 manat

 

233-nji madda Ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serişdeleriniň, şonuň ýaly-da tehniki näsazlyklary sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýa-da degişli rugsat almazdan üýtgedilip enjamlaşdyrylan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi  

 

100 manat

234m1b Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi 200 manat
234m2b Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi 300 manat
237m4b Awtomobil ulagynda howply ýükleri daşamagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy fiziki şahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat
243m1b Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy- 30 manat
243m2b Ýol örtügini hapalamak, şol sanda hapalamak arkaly ýol hereketi üçin päsgelçilik döredilmegi- 100 manat
243m3b Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy ýa-da ulag serişdesiniň gödek dolandyrylmagy- 200 manat
2431        Ygtyýarly döwlet edarasyndan ýörite rugsatnama almazdan umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden ýokary bolan ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginiň kadalarynyň bozulmagy

 

fiziki şahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat, ýuridik şahslara 400 manat

Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi.

Çeşme: Türkmenportal