Hormatly adamlar! Allatagallanyň bendelerine beren nygmatlary sanardan köpdür. Çünki ol barada Allatagala öz kelamy şerifinde“ (Eý ynsanlar!) Eger Allanyň (size beren) nygmatlaryny sanamaga synnyşsaňyz, sanap gutaryp bilmersiňiz” diýýär. Şol nygamatlaryň biride saglyk nygmatydyr. Köp adamlar bu nygmatyň gadyryny bilmeýärler. Bu barada Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: “Iki nygmat bardyr, adamlaryň köpüsi şolardan gapyldyrlar: (Olar) jan saglyk we boş (geçirilen) wagt”.
      Şonuň bilen baglylykda dürli ýagdaýlarda adamyň jan saglygyny zeper ýetmez ýaly Allatagalla olara saglyklaryny goramaklary üçin dürli ýeňillikler beripdir. Mysal üçin hassa adamyň suw bilen täret almagyň zyýanly bolan ýagdaýynda onuň ýerine toprak bilen teýim etmäge rugsat berilýär. Ýa-da bolmasa hassalygy sebäpli agyz beklemäge gurbaty çatmasa, ýada agyz beklemek onuň hassalygyna beterlamegine sebäp boljak bolsa, ol adama şu ýagdaýda agyz beklemezligine rugsat berilýär. Çünki Allatagalla bendeleriniň güç kuwwatynyň ýetmejek zadyny buýurmaýandygyny beýan edip Bakara süresiniň 286-njy aýatynda “Alla hiç kime güjüniň ýetmejek zadyna ýüklemez ( buýurmaz)” diýýär.
       
       Mälim bolşy ýaly döwletimiz adam saglygyna ýaramaz täsir edýän ýiti öýken keseliniň ýaýramak howpunyň dowam edýän döwründe, bu barada zerur bolan degişli işleri alyp barýar. Biz hem öz gezegimizde bu ýokanç kesele garşy alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşup, elmydama agyz burun örtüklerini dakynmaly we mümkinçiligimize görä köpçülik ýerlerinden daş durmaga çalyşmalydyrys! 
 
      Şonuň bilen baglanşykly H.z Omaryň halyflyk eden döwründen  bir wakany mysal getireliň!
 
      H.z Omar Şam diýaryndaky ýerleriň düzgün tertibini, ol ýerdäki musulman däl halklaryň hal ýagdaýyny öwrenmek we gözegçilik etmek üçin hijri 18-nji (639-njy) ýylda Ashaby Kiram bilen bilelikde Şam şäherine tarap ýola düşýär.
 
     Halyfa H.z Omar Şam bilen Hijazyň serhedi bolan Serg sebitine baryp ýetende Şam diýarynyň goşun serkerdeleri wezipelerine bellenilen Ebu Ubeýde bin Jerrah, Şurahbil bin Hasene we Ýezit bin Ebu Sufýan tarapyndan garşylanylýar. Hezreti  Omara Ebu Ubeýde bin Jerrah bu şähere ýaýran “Tagun” (mergi, gyrgyn) ýokanç keseliniň we onuň howpy barada gürrüň bereninde Halyf bu howply ýokanç keselinden çekinip, ýola dowam etmek ýada Medinä yzlaryna dolanmak meselesini geňeşmek we sala salmak üçin maslahat geçirdi. Geňeşe gatnaşanlaryň arasynda dürli pikirler  ýüze çykdy. 
 
   Muhajirleriň (Mekgelileriň) käbiri bu ýola Allanyň razylygyny gazanmak üçin çykandyklaryny, başlaryna belanyň geljegine ynanman mundan beýläk ýollaryny dowam etmegiň gerekdigi barada pikirlerini aýtdylar. Beýleki bir bölegi bolsa bu ýokanç keseli bir bela we heläkçilik bolup durýandygyny, mundan beýläk hereket etmegiň saglyk üçin juda hatarly bolup Medinä yzlaryna dolanmaklygy has dogry hasap edýändiklerini aýtdylar. Muhajirleriň arasynda bu meselede dürli pikirleriň bolandygy üçin Halyf olary ugradyp Ensary (Medinelileri) maslahada çagyrdy. Ol bu ýagdaýyň howply, soňunyň ölümdigini, şoňa göräde yzlaryna dolanmaklygynyň has dogry we maksada laýyk boljakdygyny mälim etdiler. Ensarylaryň bu pikirini jaýdar gören Halyf Omar adamlara bu ýagdaýy mälim edip olary yzlaryna dolanmak üçin taýýarlyk işlerini görip ertesi ir bilen yzlaryna  ýola düşmegi tabşyrdy.
 
      Hezreti Omaryň Medinä doalnmaklyga karar beren maslahatynda Ebu Ubeýde bin Jerrah halyfanyň alan kararyna gaty gahary gelip H.z Omaryň ýanyna baryp “Allanyň ýazgydyndan gaçýarmyň?” diýip soranynda, Halyf oňa bir salym seredip “Eý Ebu Ubeýde! Käşgä bu sözleri başga biri aýdan bolsady. Hawa, Allanyň ýazgydyndan Allanyň başga bir ýazgydyna gaçýaryn. Sen düýäň bilen bir derä baryp ýetseň deräniň bir tarapy suwly we ýaşyl otluk ýer, onuň beýleki tarapy bolsa suwsyz takrap ýatan şor ýer bolsa düýäňi nirede bakarsyň? Eger düýäňi otly suwly ýerde baksaň, otlatsaň Allanyň ýazgydy bilen bakdygyň bolmazmy? Eger takyr, şol ýerde baksaňda ol hem Allanyň ýazgydy bilen bakdygyň bolmazmy? Bularyň ikisi hem Allanyň ýazgydydyr” diýip jogap beripdir.
     
      Hezreti Omar we Ebu Ubeýde gürleşip duran mahalynda olaryň ýanyna Abdurrahman bin Awf geldi. Eden gürrüňlerini öwrenip olara Resuly ekremden eşiden hadysyny ýatlatdy: “Eger bir ýerde gyrgyn keseliniň (howply ýokanç kesel) bardygyny eştseňiz ol ýere girmäň! Egerde bir ýerde gyrgyn keseli ýüze çykyp Siz hem şol ýerde bolsaňyz (eger kesel degen bolsa), şol keselden gaçyp ol ýerden çykmaň. ” Ýokarde aýdylan hadys H.z Omaryň ýadyna düşüp öz alan kararynyň dogrylygyndan we onuň Resuly Ekremiň aýdan hadysy şerifine doly gabat gelýändigine begeniň Allatagalla hamdy sena edip Medine şäherine dolandy.
  Gurhany Kerimiň Nisa süresiniň 29-njy aýatynda beýik Allatagala şeýle diýýär: 
  29. Özüňize kast etmekden saklanyň! Takyk, Alla size örän Rehim şepagatlydyr. Bu aýadyň manysy barada üç garaýyş bar.
Birinji garaýyş:.Adam öldürmek, biriniň janyna  ýa-da öz janyňa kast etmeklik ýokardaky aýatda bellenilişi ýaly Özüňize kast etmeklik agyr günädir. 
 
Ikinji garaýyş: Neşe serişdelerini, ispirtli içgilerini ulanyp beden agzalaryňa zeper ýetirmeklik, amanat berilen bedenimizi harlamaklyk hem  Özüňize hem-de bedeniňize kast etmeklikdir.
 
Üçünji  garaýyş: Elbetde bu agyr  we ölümli ýagdaýlaryň döremegine iterýän haram zatlar, söwda edilmegi bilen amala aşýar. Haramyň  söwdasyny edip bir kişiniň maşgalasyny ýykmak we onuň ölümine sebäp bolmak hem edil beýleki ýollar bilen adam öldürmek bilen deň derejededir. 
 
Bu aýattdan şeýle netije çykarsa bolar: Häzirki döwürde dünýä ýüzünde giňden ýaýran zyýanly täsirleriniň, dartgynlylygynyň dowam edýän wagtynda bir raýadyň toý ýada sadaka edip märeke üýşirse we şol märekede ýiti öýken sowuklama keseliniň ýokanjy birnäçe adma ýokuşsa munuň günäkäri şol märekäni üýşiren adamdyr. Olaryň bu hereketleri özlerini bilkastlaýyn kast etmeklikdir. 
 
Allatagala Gurhany kerimiň Nisa süresiniň 93-nji aýatynda şeýle diýýär:
 
93. Kim bilkastlaýyn bir mömini öldürse, onuň jezasy içinde ebedi galjak (ýeri bolan) dowzahdyr. Alla oňa gazap edip, ony näletländir we onuň üçin uly azap taýýarlandyr.
Şol bir wagytda hem nähak ýere birini öldürmek hemme ynsanlary öldürdügüň bolar, şeýle hem bir ynsany ölümden halas etseň hemme ynsanlara halas etdigiň bolar. Bu aýatlarda aýdylanlardan şeýle netije sykarsa bolar: Howpsuz aralygy saklamak, şahsy gigiýenany berjaý etmek hem-de agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýän ýagdaýynda, ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çärelerini has-da güýçlendirmek we ilatyň saglygyny goramak maksady bilen,  medeni-köpçülikleýin çäreleriniň, şol sanda toý, däp-dessurlarynyň wagtlaýynça çäklendirilýän wagtynda bir adamyň märeke edip adam çagyrmagy, bir ynsanyň ölümine sebäp bolup biler we bu herekedi ýokardaky aýatlara görä iň agyr günäleriň biri hasaplanýandyr.
 
Häzirki zaman lukmançylygyň pandemiýa kesellere garşy öňüni alyş we goranyş işleri ýagny karantin goragy H.z Pygamber  (S.A.W) tarapyndan 1400 ýyl mundan ozal maslahat berilipdir. Hadysdan mälim bolşy ýaly ýokanç kesel bar bolan ýerdäki adamlaryň ol ýerden çykmazlygy  we kesel ýokuşmadyk kişileriň hem ýokanç kesel bar hasap edilýän ýere girmezligi keseliň ýaýramagynyň öňçni alyp zyýanlaryny azaltýandygyndandyr. Ýokarda agzalyp geçilenler bilen baglanşykly Kurany-kerimiň Bakara süresiniň 195-nji aýatynda Allatagalla şeýle emir edýär. “Öz elleriňiz bilen özüňizi hekäkçigiň öňüne atmaň…”  Diýmek, H.z Omaryň ýokanç keseliň howpy zerarly şähere girip girmezlik babatda alan karary Allanyň kitabyna  we Pygamberimiz (S.A.W) hadysyna daýandygy mese mälimdir. 
 
Ýokanç  kesellere garşy öňüni alyş we goranyş işleri ýagny  howpsuz aralygy saklamak, şahsy gigiýenany berjaý etmek hem-de agyz-burun örtüklerini ulanmak, ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çärelerini has-da güýçlendirmek we ilatyň saglygyny goramak maksady bilen,  medeni-köpçülikleýin çäreleriniň, şol sanda toý, däp-dessurlarynyň wagtlaýynça çäklendirilmeginiň zerurdygyna hemmeleriň düşünmegi gerekdir.