Nemes tälimçi, Mançester Ýunaýtediň öňki halypasy Sir Alekis Ferguson bilen ilkinji duşuşygy baradaky ýatlamalaryny paýlaşdy.

Klopp: ” Men Sir Alekis-a haýran. Ýadyma düşýär, ol meniň bilen tanyşan ilkinji iňlis tälimçidi. Ertirlik edinýärdik, hemme zady ýadyna salýandygyna ynamym ýok, ýöne ýadymda, sebäbi meniň üçin bu pursat Rim Papasy bilen duşuşmaga meňzeýärdi. Men begendim.” diýip ýatlap geçdi.

Tälimçiler birleşigi (LMA) tarapyndan Klopp ýylyň tälimçisi saýlandy. Nemes hünärmeni Fergunsonyň adyny göterýän baýrak aldy. Liwerpul soňky 30 ýylda ilkinji gezek iňlis çempionatynda ýeňiji boldy