Tomusky transfer döwründe Ýuwentusdan çykjak oýunçylar kesgitlenildi. Ýuwentus bu tomus 6 futbolçysyny klubdan çykarmaklyk kararyna geldi.

Bu klub Gonzalo Higuain, Sami Khedira, Federiko Bernardeşki, Blez Matuidi, Daniel Rugani we Mattia de Şilýonuň hyzmatlary bilen gyzyklanmaýar.

Çünki klubyň esasy maksady topary ýaşartmakdan, ýagny toparyň düzümüni ýaş futbolçylardan düzmeklikden ybaratdyr.