Atalantanyň hüjümçisi Duwan Zapata Italiýadaky klubyny üýtgedip biler.

Ýuwentus 29 ýaşly bu oýunçy bilen özüniň hüjüm liniýasyny güýlendirmek isleýär. Turinliler Kolumbiýanyň milli ýygyndysynyň agzasyna uzak wagt bäri syn edýärler. Turinliler Duwan Zapatanyň Ýuwentusa geçirilmeginiň deregine 30 milýon ýewro we derwezeçi Matteo Perini teklip etdiler.

Eger, bu babatda şertnama baglaşylsa, Atalanta derwezeçisi Pierluigi Gollini satmagy niýet edinýär.  Duwan Zapata bu möwsüm A seiýasynda çykyş edip, 24 oýunda 17 pökgi geçirdi.