2020-nji ýylyň tomsunda «Milanyň» şwesiýaly hüjümçisi Zlatan Ibragimowiçiň oýnamagyny bes etmegi mümkin. Bu barada La Gazzetta dello Sporta salgylanmak bilen, Газета.Ру habar berýär.

Meşhur hüjümçi italýan klubyna şu ýylyň ýanwarynda geçipdi. Ol A Seriýada sekiz oýna gatnaşdy we garşydaşlarynyň derwezesine üç pökgi geçirdi.

Italiýanyň çempionaty koronawirusyň pandemiýasy zerarly togtadyldy. Onuň haçan täzeden başlanjakdygy entek belli däl.